Nygmat baryn eçilip dur

25 Sentýabr 2020
107

Bagtyýar halkymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýuny toýlaýar. Taryhy ýylyň toý tutumy öňkülerden has üýtgeşik, has-da dabaraly. Çünki bu ýyl Garaşsyz ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileý toýy hem uludan bellenilýär. Mähriban Arkadagymyzyň peşgeş eden eşretli zamanasynyň her güni, her aýy şatlykly wakalara, şanly senelere beslenip, toýlarymyzyň toýlara ulaşmagy — bagtyýarlykdan, bolelin durmuşdan nyşan. Toý-baýramlaryň şatlyk-şowhuny halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, okamaga, işlemäge, gurmaga, döretmäge bolan höwesini artdyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ruhubelentlik bilen çekilýän päk zähmet, ýetilýän belent sepgitler bolsa ýaşaýyş-durmuşymyzyň öňküden-de gözelleşmegine getirýär.

Türkmen saçagynyň bezegi adaty günlerde-de boldandyr welin, toý-baýramlarda desterhanlarymyzyň berekedini göräýseň! Göwün islän naz-nygmatyň bardyr. Toý saçagynda milli aşhanamyzyň datly tagamlary bilen birlikde, ýaňyja şahasyndan ýolnan miwelerdir ter gök-bakja önümlerden başlap, döwrebap kärhanalarda, täze tehnologiýalarda gaýtadan işlenen önümleriň hem dürli görnüşleri bar. Ekologiýa taýdan arassa önümleriň tagamy-da, ýokumy-da başgaça. Onsoň, milli Liderimiziň halkymyzy öz topragymyzyň önümleri bilen üpjün etmek baradaky meseläni mydama üns merkezinde saklamagynyň düýp sebäbi öz-özünden düşnükli bolýar duruberýär. Ak bazarlarymyzyň, bereketli saçaklarymyzyň öz önümlerimiz bilen baýlaşmagyny döwrüň talabyna öwren döwlet Baştutanymyz, ilkinji nobatda, halkymyzyň saglygy barada alada edýär. Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri üçin ähli amatlyklary döredip berýär. Bu jähetden, Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary kabul edildi. Ýerli önümleriň bolçulygyny döretmek babatda düýpli özgertmelere esaslanýan bu tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hususy pudagyň paýy örän uludyr. Türkmen telekeçileri dünýä bazarynda-da bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, halkymyzyň et we süýt, towuk we balyk eti, ýumurtga, gök-bakja önümleri, dürli miweler, çörek, süýji-köke, gaýtadan işlenen önümler bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».