Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

25 Sentýabr 2020
2728

Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

Mejlisiň barşynda Halk Maslahatynyň mejlisine we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki ugurlaryna garaldy.

Beýleki habarlar