«Rysgalpay» — täze hyzmat

25 Sentýabr 2020
114

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk toýuna gabatlap, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda QR kod — dessin tassyklanýan kod tilsimatyny ulanmak arkaly, «RysgalPay» töleg geçirmek hyzmatyny ulanyşa girizdi. Şunuň bilen bagly bankyň hünärmeni Jumadurdy Söýünow bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi:

— QR (Quick Response) kod ştrih kodlaryň kämil görnüşleriniň biri bolup, dörtburçlukda belli bir tertipde ýerleşdirilen nokatlardan ybaratdyr. Ol sanly ulgamda giňden ulanylýar. Mysal üçin, harytlaryň daş gabynda haryt barada maglumaty görkezmek ýa-da haryt öndürijiniň internet sahypasyna salgylanmak we ş.m. üçin ýerleşdirilýär. «RysgalPay» töleg ulgamy, ilkinji nobatda, söwda we hyzmat nokatlarynda raýatlardan nagt däl görnüşde tölegleri kabul etmäge, şeýle hem raýatlaryň arasynda nagt däl pul geçirimlerini amala aşyrmaga niýetlenendir. Geljekde bu hyzmatyň çäklerini has-da giňeldip, ýaşaýyş jaý jemagat hyzmatlary boýunça tölegleri, jemgyýetçilik ulagynyň töleglerini, bank karzlaryny we beýleki tölegleri tölemek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».