Abadançylyga goşant

25 Sentýabr 2020
78

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk dowam edýär. Biraýlygyň geçen ýyllardaky netijeleri bilen tanşanyňda, ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda giň gerimli işleriň geçirilendigi we netijeleriň gazanylandygy aýdyň görünýär.

Biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň özüniň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Bu işlere ýurdumyzyň degişli edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümleri hem işjeň gatnaşýarlar. «Ýol-ulag hadysalary we olaryň öňüni almagyň ýollary» atly düşündiriş çäreleri hem täsirliligi bilen tapawutlanýar.

Galandar SARYBAÝEW,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň müdiri.