Hakykat nirede?

24 Sentýabr 2020
198

Ga­dym dö­wür­de döw­le­ti-ma­ly bi­len dün­ýä özü­ni ta­na­dan bir sol­tan gün­le­riň bir gü­ni çuň oýa ba­typ­dyr. «Adam­lar ömür bo­ýy dert-aza­ra ga­lyp, ha­ky­ka­ty göz­le­ýär. Ol nä­hi­li zat­ka?! Ony bir za­dyň su­du­ryn­da gö­rüp bol­maz­my­ka?!» — di­ýip­dir. Şeý­le pi­kir bi­len sol­tan äh­li da­nyş­ment-akyl­dar­la­ry köş­ge jem­le­me­gi buý­ruk be­rip­dir. Sa­lym geç­män­kä, bu je­le­gaý­da ylym­ly, da­na adam bol­sa, ola­ryň hem­me­si köş­ge ýyg­na­nyp­dyr. Sol­tan ola­ra öz pi­ki­ri­ni mä­lim edip:

— Bu ýa­lan­çy dün­ýä­de ony tap­ma­gam-a aň­sat däl­dir we­lin, on­da-da me­niň onuň bi­len ýüz­be-ýüz bo­la­sym gel­ýär — di­ýip­dir.