Maslahat — üstünligiň gözbaşy

24 Sentýabr 2020
75

“Ýe­di öl­çäp bir kes”. Bu jüm­le asyr­la­ryň do­wa­myn­da mer­da­na hal­ky­my­zyň ýol-ýö­rel­ge­si­ne öw­rü­lip­dir. Her bir işe baş­la­maz­dan öň hal­ky­myz ge­ňeş edip­dir, ylaý­ta-da, ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­la­şyp­dyr. Şan­ly ta­ry­hy­myz, däp-des­sur­la­ry­myz, ynanç-yg­ty­kat­la­ry­myz we edim-gy­lym­la­ry­myz ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry asyr­la­ryň do­wa­myn­da özün­de sak­lap ge­len halk dö­re­di­ji­li­gi­miz, ede­bi­ýa­ty­myz bu ba­ra­da süý­jü­den-süý­ji gür­rüň­le­ri ber­ýär. “Oguz­na­ma”, “Gor­kut ata”, “Gö­rog­ly” epos­la­ry, “Gül­pam”, “Döw­let­ýar”, “Zöh­re-Ta­hyr” ýa­ly des­san­la­ry, şo­nuň ýa­ly-da ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­my­zyň ga­la­my­nyň as­tyn­dan çy­kan “Dor­de­pel”, “Şü­kür bag­şy” ýa­ly eser­le­ri oka­ny­myz­da, biz ge­ňe­şiň, mas­la­ha­tyň hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da nä­de­re­je­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­ýä­ris.

Gor­kut ata­nyň öwüt­le­ri şu gün­ki gün­de-de ýö­rel­ge­lik äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­ýän bol­sa, Gö­rog­ly­nyň keş­bi her bir iş­de ge­ňeş­li bol­ma­gyň nus­ga­sy­dyr. Epos­da Sa­par Mäh­re­miň: “Mu­nuň ata­sy­na ge­ňeş ber­ýär­dik, ba­ba­sy­na ge­ňeş ber­ýär­dik. Öň­ki öten­ler biz­den ge­ňeş so­ra­ýar­dy...” diý­ýän söz­le­ri jaý­dar mas­la­ha­ta ge­zek ge­len­de uly diý­män, ki­çi diý­män, we­zi­pe­si­ne-de­re­je­si­ne ga­ra­man ka­bul et­me­giň äh­li üs­tün­lik­le­riň aça­ry­dy­gy­ny açyp gör­kez­ýär. Mag­ru­py­nyň ady­bir des­sa­ny­nyň gah­ry­ma­ny Döw­let­ýar beg, hat­da il-hal­ka ge­ňe­şip, ola­ryň öz pi­ki­ri­ne gar­şy bo­lan mas­la­ha­ty­ny-da ka­bul ed­ýär. Yşk mül­kü­niň şa­sy Mol­la­ne­pe­siň meş­hur “Zöh­re-Ta­hyr” des­sa­nyn­da aşyk­lar öz ene-ata­la­ry ýa­ly gör­ýän mu­gal­lym­la­ry Mol­la­ne­pe­siň we onuň aýa­ly Bos­san­täç enä­niň ge­ňeş­le­ri­ni diň­läp, her bir iş­de dog­ry ýo­ly tap­mak­la­ry ba­şar­ýar­lar. Ata Gow­şu­do­wyň “Dor­de­pel” ese­rin­den hem bil­şi­miz ýa­ly, hal­kyň ba­şy­na iş düş­se, hök­man ony ulus-il, ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­la­şy­lyp­dyr.

Mähriban Hudaýgulyýewa,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.