Milli buýsanjymyz

24 Sentýabr 2020
93

Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygyna bolan buýsanç duýgulary döwletimiziň her bir raýatyny agzybirlikde ýaşamaga, milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, mukaddes Watanymyzyň geljegi üçin halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeler Garaşsyzlyga aýratyn öwüşgin berýär. Geçirilýän giň möçberli özgertmeler arkaly gazanylan ajaýyp üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak wezipelerini özünde jemleýär. Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak häzirki döwürde ykdysady ösüşiň esasy ýörelgesi bolmagynda galýar.

Beýik işleriň netijesinde ýurdumyz dünýä ýüzünde sagdynlygyň hem sportuň, ruhubelentligiň hem döredijiligiň abadan mekany hökmünde ykrar edildi.

Hajarbibi HANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.