Ahal welaýaty, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly işleriň depginlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.