Halkara howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk

23 Sentýabr 2020
62

Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Şol syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze anyk mazmuna eýe boldy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň gyzyklanmasy bilen şertlenendir. Bu ýörelgeler döwlet Baştutanymyzyň, daşary syýasat ýörelgesi babatda bolşy ýaly, BMG tarapyndan giň goldawa we ykrara eýe boldy. Munuň şeýledigine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasy öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň nobatdaky 75-nji ýubileý mejlisine wise-başlyklyk edýär.

Aýbölek ABDYRASULOWA,
«Watan».