Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy

24 Oktýabr 2022
1210

Aşgabat, 22-nji oktýabr (TDH). Şu gün Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Onuň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarlarynyň, welaýat häkimlikleriniň jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleriniň, häkimleriň hem-de käbir ministrleriň çykyşlary we teklipleri diňlenildi.