Türkmenistan — BMG: ýer ýüzünde agzybirligiň we parahatçylygyň bähbidine

23 Sentýabr 2020
1043

«Biz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiň binýatlaryny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasy eýelemelidir diýip hasap edýäris. BMG-niň şeýle wezipä eýe bolmagynyň hakykata laýyk gelýändigi şübhe astyna alnyp bilinmez. BMG halkara howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ukyply ýeke-täk halkara guramadyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibi Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere, howplara garşy hereket etmek, durnukly ösüşi öňe ilerletmek, ekologiýa ugurlary we beýlekiler bilen birlikde, halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna degişli meseleleriň toplumyny gurşap alýar. Şunda pandemiýa garşy göreşmek hem-de köptaraplaýyn hereketler arkaly onuň ýetirýän täsirlerini aradan aýyrmak meselesi aýratyn üns berilýän wezipe bolup durýar.

(TDH).
Beýleki habarlar