Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler

17 Oktýabr 2022
1210

Astana — Aşgabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň paýtagtyna geldi we bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerinde işjeň orun eýeleýändiginiň, sebit we sebitara görnüşde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bularyň ählisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.