Täze metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmegi mynasybetli sadaka berildi

8 Oktýabr 2022
968

Ahal welaýaty, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze merkezde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenilmeginiň hormatyna berlen toý sadakasy hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp kitaplary üçin düşen galam haky serişdeleriniň hasabyna berildi.

Gahryman Arkadagymyz şanly waka mynasybetli toý sadakasynyň berilýän ýerine geldi.