Türkmenistan — Ýaponiýa: kämil tejribeler, täze taslamalar, giň mümkinçilikler

6 Oktýabr 2022
428

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşmak maksady bilen, Ýaponiýa döwletine iş saparyny amala aşyrdy. Agyr pursatda, Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Türkmenistan döwletiniň adyndan Sindzo Abeniň ýakynlarynyň, Ýaponiýanyň ähli halkynyň gynanjyny deň paýlaşmagy türkmen halkynyň ynsanperwer dessurlaryny, duýgudaşlyk häsiýetlerini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna goýýan sylag-hormatyny alamatlandyrýar.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy. Bu döwürde ylym, bilim, sport, medeniýet, durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, daşky gurşawy goramak we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklar yzygiderli ösdürildi. Ýaponiýanyň «ITOCHU», «Kawasaki Heavy Industries LTD», «Mitsubishi», «Sojits», «Sumitomo» hem-de beýleki korporasiýalary türkmen ykdysadyýetini, durmuş ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşdular we goşmagyny dowam edýärler. Türkmen ýaşlaryna Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim almaga mümkinçilikler döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 6-synda, mekdepleriň 12-sinde ýapon dili aýratyn ders hökmünde okadylýar we öwredilýär. Ýaponiýanyň ýokary okuw jaýlarynda türkmen dili we medeniýeti, Türkmenistanyň taryhy ýaly dersleriň girizilmegi, Tokioda geçirilen 32-nji Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşyp, agyr atletika boýunça ilkinji olimpiýa kümüş medalyny gazanmagy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň bu ugurlarda gazanan üstünliklerini äşgär edýär.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy.