Kämil kanun — bagtyýar jemgyýet

6 Oktýabr 2022
71

Ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolunyň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, raýatlaryň hukuk goraglylygynyň kanuna esaslanýan netijeli usullar we serişdeler bilen berkidilmegi aýratyn ähmiýetli ugurlardyr. Dünýä tejribesinde hukuk jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde iň netijeli we ählumumy serişde hökmünde ykrar edilýär. Her bir jemgyýetde döwletiň berkararlygy, asudalygy, ösüşi, hukugyň we kanunyň hökmürowanlygyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň adamyň hem döwletiň bähbitleriniň doly nazara alnyp, adalatly düzgünleşdirilmegi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň berk, ygtybarly goraglylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, döwletimiziň hukuk ulgamy we milli kanunçylyk binýady düýpgöter özgerdildi hem-de yzygiderli kämilleşdirildi, täze kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen üsti ýetirildi. Geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň ösüşini: Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi we konstitusion kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, kadalaşdyryjy kanunçylyk we hukuk namalaryň — kodeksleriň we kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy häsiýetli Permanlarynyň we Kararlarynyň kabul edilmegi hem-de yzygiderli üstüniň ýetirilmegi, kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalar (düzgünnamalar, düzgünler, tertipler, gözükdirijiler we ş.m.) ulgamynyň düýpli kämilleşdirilmegi ýaly toparlara bölmek mümkindir.

Zamira BABANAZAROWA,
Lebap welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.