Özygtyýarlylygyň konstitusion ýörelgeleri

6 Oktýabr 2022
108

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň özygtyýarly döwletdigini kepillendirýän syýasy-hukuk resminamasy bolup, onda ata Watanymyzyň garaşsyzlyk derejesi konstitusion kada hökmünde beýan edilýär. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň girişinde milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamak, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, halkymyz tarapyndan Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistan öz çäginde häkimiýetiň hökmürowanlygyna we dolulygyna eýedir, ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bitewüdir hem bölünmezdir» diýlip bellenilýär. Garaşsyzlyk ýörelgesi — döwletiň içindäki syýasaty halkyň bähbidine, daşarky syýasatyny bolsa bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmegiň usulydyr. Diýarymyzyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylmagy we halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolmagy, ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň dabaralanmagy babatyndaky mizemez we döwrebap konstitusion kadadyr.

Jennet MYRATBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň maglumatlary seljeriş bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.