Ýaşlaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz Türkmenistanda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiz hakynda bimöçber aladalar edilip, Gahryman Arkadagymyzyň we onuň başyny başlan syýasatyny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Watanyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymda, bilimde dünýä bilen aýakdaş gitmegi üçin olara innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim berilýär.
Döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Onuň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer.