Beýik Watan täji bilen

6 Oktýabr 2022
108

Garaşsyzlyk özünde döwlet-syýasy, ruhy-ahlak, kanuny-hukuk esaslary jemleýänligi üçin milletiň ýaşaýşynyň ilkinji möhüm şertidir. Munuň şeýledigini türkmen Garaşsyzlygynyň mysalynda söhbet etmek bilen aýdyňlaşdyrmak has-da ýakymlydyr.

1991-nji ýylyň altyn güýzünde Ýer ýüzünde Garaşsyz Türkmenistan döwleti döredi. Altyn güýz öwüşginlerine beslenen döwletimiz güýz ýaly nurana, kämil, sahy, çuň many-mazmunly, agras hem paýhasly türkmen häsiýetiniň özi bolup jahana doldy. Hormatly Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet, hakykatdan-da, gülläp ösýän, adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir!» diýip nygtaýşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyza hut halkymyzyň keremli köňlüniň mähir ýylysy, sahawat şuglasy siňendir. Altyn güýzüň goýnuna dolup gelen türkmen Garaşsyzlygy milli Liderimiziň öz kitabynda belleýşi ýaly: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr». Öz hukugyny özi kesgitleýän, ykbaly göterilen halkymyzyň beýik güýji hem-de ynamy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň eçilen güýç-kuwwatydyr we ynam-ygtykadydyr. Şeýle ygtyýarlylykda we ygtybarlylykda diňe beýik ösüşlere tarap ynamly öňe gidilýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde dünýäde belent ösüşleriň örän çalt depginlilikde gazanylýandygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren erkinliginden paýhasly we ygtybarly peýdalanýan halkymyzyň özerkliliginiň dünýä dolýan kuwwatly güýjüdir.

Süleýman ILAMANOW,
şahyr.