Milli gymmatlyklaryň sazlaşygy

6 Oktýabr 2022
155

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak, olaryň ähmiýetini we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornuny giňden wagyz etmek hem-de döwrebap derejede dünýä giňişligine ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwlet derejesinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak, atlaryň çapyşyklara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň Watan goragçylarynyň we ýurdumyzda tertip-düzgüniň berkarar edilmegini gözegçilikde saklaýan şahsy düzümleriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hem Gahryman Arkadagymyza we dabara gatnaşyjylara toplumyň çäginde harby gullukçylar tarapyndan idedilýän ahalteke bedewleriniň, alabaýlaryň görkezilmegi, hormatly Arkadagymyzyň 2021-nji ýylda geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Akhany synlap, oňa uly baha bermegi bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Bu günki gün türkmen ahalteke bedewleri we alabaý itleri ýurdumyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar.

Döwletgeldi GYLYJOW,
Kaka etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.