Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

6 Oktýabr 2022
82

Güýz paslynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak möhümdir.

Adamlar köp wagtyny öýleriniň içinde geçirip, arassa howa ýetmezçiligi netijesinde keselleýärler. Keseller howa-damja ýoly bilen  näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda,  gürlemeginde we köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi öz şahsy durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Çünki arassa howadan dem almagyň adam saglygy üçin peýdalydygyny ýatdan çykarmaly däldir. Her bir adam dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de  sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen meşgullanmalydyr. Beden arassalygyny berjaý etmek düzgünleri adamlaryň durmuşynda uly orun eýeleýär.

Käkilik SARYÝEWA,
Aşgabat şäher hassahanasynyň baş lukmany.