Döwlet Maslahaty: garaşsyz ösüşde ýetilen sepgitler, geljegiň belent maksatlary

6 Oktýabr 2022
392

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň mysalydyr.

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwlet Maslahaty hem gazanýan üstünliklerimiziň, häzirki we geljekki işlerimiziň halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendigini subut etdi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine geçen taryhy döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.