Türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

6 Oktýabr 2022
101

Hoşniýetli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistan, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşen döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ýurdumyz Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ženmin Žibao» gazetiniň teklibine höwes bilen seslenip, bu hormatly we abraýly neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň barşy hem-de geljegi barada paýlaşan pikirleri, şeýle hem Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna beren jogaplary iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyna we ösdürilýändigine şaýatlyk edýar.