Baş baýramyň şanyna tutulan uly toý

6 Oktýabr 2022
103

27-nji sentýabrda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bellenildi. Bu ählihalk baýramy türkmen halkynyň pederlerimiziň agzybirlik, bitewülik, parahatçylyk ýaly beýik ynsanperwer ýörelgelerine, Konstitusiýada öz beýanyny tapan üýtgewsiz gymmatlyklara bolan hormat-sarpasyny alamatlandyrýar.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.