Netijeli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

6 Oktýabr 2022
83

Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy ugruna laýyklykda, dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. 15-16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Özbegistan Respublikasynda bolup, Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly kärdeşleri — Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň birinji gününde döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň «Hazrati Hizr» toplumyndaky mawzoleýine bardy we bu ýerde türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşandyny goşan görnükli syýasy hem-de döwlet işgäriniň ýagty ýadygärliginiň hormatyna gül dessesini goýdy. Şol gün agşam döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar seýilgähinde bag nahalyny oturtdy.