Ahalyň täze edara ediş merkezinde metjit gurlar

6 Oktýabr 2022
272

Ol ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasydyr

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça iş sapary bilen Ahal welaýatynda bolup, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkezinde güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen ýygy-ýygydan tanyşýar. 17-nji sentýabrda hem Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmeginiň çäklerinde täze edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşypdy.

Beýleki habarlar