Watan – beýik mukaddeslik

6 Oktýabr 2022
88

15-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda kowçum bolup ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýandygynyň we daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiziň Diýarymyzda geçirilýän iri forumlara işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Maslahat Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar.