Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar

6 Oktýabr 2022
75

17-nji sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Dabara ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere döwlet Baştutanymyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýörite sport egin-eşikleriň toplumy gowşuryldy.

* * *