Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

6 Oktýabr 2022
63

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgeleriniň arasynda öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek aýratyn orun eýeleýär. Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty Ýer ýüzünde giňden dabaralanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň parasatly baştutanlygyňyzda halk hakydasynda müdimilik orun alan ynsanperwer ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär.

Size çäksiz hormat we çuňňur wepadarlyk bilen, Türkmenistanyň ähli dindarlarynyň adyndan
Türkmenistanyň müftüsi Ý.HOJAGULYÝEW.