Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzyň ähli künjeginden we daşary ýurtlardan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlary hormatly Prezidentimizi bu şanly baýram bilen mähirli gutlap, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi bu şanly baýramçylyk bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Oral, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Beskostyý, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Tažibaýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Naýçen, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.O.Suweýd, Gruziýanyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili A.Napetwaridze, Owganystanyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili F.M.Sabir, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili M.M.Al Otaýbi tüýs ýürekden gutladylar.