28-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge uly şahsy goşant goşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny, harby gullukçylary we işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permanlara gol çekdi.