Biziň ýaşulularymyz

30 Sentýabr 2022
112

Sala salsaň, sypap seniň başyňy,
Hoş söz aýdar biziň ýaşulularymyz.
Asmana uçuryp göwün guşuňy,
Hoş söz aýdar biziň ýaşulularymyz.

Aýdylşy deý, göwünleri ýüpekden,
Daýym-daýym ýeňil gopar ýelekden,
«Salam!» diýseň, «Salam!» diýip, ýürekden,
Hoş söz aýdar biziň ýaşulularymyz.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.