Biraýlyk üstünlikli jemlendi

30 Sentýabr 2022
80

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň jemlerine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary, bilim işgärleri gatnaşdylar.

Çagalar awtoşäherçesiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen çäre uly ruhubelentlige beslendi. Mekdep okuwçylary we mugallymlar Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň taryhy muzeýi we bu muzeýdäki eksponatlar, şeýle hem Çagalar awtoşäherçesiniň döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglary bilen tanyşdyryldy, awtoşäherçäniň ýörite meýdançasyna gezelençler guraldy. Soňra mekdep okuwçylaryna Çagalar awtoşäherçesiniň kinozalynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan wideofilmler görkezildi. Dabaranyň dowamynda ýaş aýdymçylaryň we tansçylar toparlarynyň şowhunly çykyşlaryna orun berildi.

"Nesil".