Ýurdumyzda her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslendi.
Biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan birnäçe wagyz-nesihat duşuşyklary, bäsleşikler, dabaralar geçirildi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň işgärleriniň arasynda geçirilen duşuşyk hem ähmiýetliligi bilen tapawutlandy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünleriniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmegiň her bir ynsanyň ömür dowamlylygyna täsir edýändigi barada bellediler. Şular bilen bir hatarda, döräp biläýjek ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähli raýatlaryň jogapkärli çemeleşmekleriniň möhüm talap bolup durýandygyny nygtadylar.