Ýaşulular – durmuş mekdebi

30 Sentýabr 2022
289

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly dabaralara beslenýän günlerinde ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenilýär. Toý-baýramlarymyzyň zynaty hasaplanýan ýaşulularymyzyň sarpasy täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da belent tutulýar. Dili senaly ýaşulularymyzyň ýurdumyzda bellenilýän baýramçylygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Daşoguz şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher geňeşleriniň, şäher medeniýet merkeziniň bilelikde «Ýaşlar» merkezinde geçiren baýramçylyk çäresi ýatda galyjy pursatlara beslendi. «Ýaşuly nesliň durmuş ýoly – ýaşlar üçin görelde mekdebidir» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, Türkmenistanyň hormatly il ýaşululary Henip Zahyrow, Bally Narçyýew, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, Akdepe etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýbölek Begenjowa dagy çykyş edip, durmuş ýoly ýaşlara nusgalyk bolan il sylagly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň jemgyýetimizdäki orny, olar barada döwlet tarapyndan edilýän bimöçber aladalar dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler.

Beýleki habarlar