Wagyz-nesihat çäreleri

30 Sentýabr 2022
108

Wajyp meselelere garaldy

Etrap tokaý hojalygyndaky medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda “Siz ýaşlaryň howandary, Arkadagly Serdarymyz!” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, etrap häkimliginiň hukuk-maslahatçysy, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Oguljennet Baýhanowa çykyş etdiler.