Watanyň ösüşleriniň bähbidine

30 Sentýabr 2022
125

Welaýat häkimliginde geçirilen maslahat 23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen Döwlet Maslahatynda öňde goýlan wezipelerdir maksatlary wagyz etmäge, olary durmuşa geçirmek babatynda pikir alyşmaga bagyşlandy. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, etrap-şäher halk maslahatlarynyň başlyklary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işinde öňdebaryjylar, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlary bilen başlanylan maslahatda hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşyna aýratyn ähmiýet berildi. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşy eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent sepgitleriniň beýanyna öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň gazanylan ösüşleri, ýetilen sepgitleri anyk mysallar bilen delillendirmegi çykyşyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar