Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini gutlady

30 Sentýabr 2022
292

28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa dabaraly çäräniň geçirilmegine taýýarlyk barada hasabat berdi.

«Balkan».