G.K.ANNAÝEWI Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, döwletiň howpsuzlygyny berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamaly.