Uzakdan dolandyrylýan iň kiçi robot

30 Sentýabr 2022
67

Alymlar lazer bilen dolandyrylýan iň kiçi roboty oýlap tapdylar. Olar kiçijik robotlaryň gaty dar ýerlerde tehniki işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Gabyk ýalyjak sekiz aýakly, iki gysgyçly robotyň daşky görnüşi leňňeje meňzeş bolup, ini ýarym millimetr töweregidir. Onuň aýaklaryna kauçuk bölejikleri berkidilip, bu onuň aýak üstünde durmagyny üpjün edýär. Roboty gyzdyrmak arkaly herekete getirip bolýar. Alymlar kiçijik robotyň ýöräp, öwrüm edip, böküp, hatda bir zady süýräp hem biljekdigini aýdýarlar. Onuň hereketi haýal bolup, 1 santimetri geçmegi üçin 20 sekunt töweregi wagt gerek. Oýlap tapyjylar bu robotyň tehnologiýa senagatynda hem-de lukmançylyk ulgamynda uly işleri ýerine ýetirip biljekdigini aýdýarlar.

Beýleki habarlar