Kim, haçan oýlap tapdy?

30 Sentýabr 2022
77

Şampun. Jemgyýetde irki döwürlerden başlap şahsy arassaçylyk işlerine uly üns berlipdir. Adamyň üst-başynyň arassa bolmagy, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegiiň esasy zatlaryň hatarynda goýlupdyr. Eýsem, entek sabyn- şampunyň oýlanyp tapylmadyk mahalynda nämelerden peýdalanyldyka?! Taryhy maglumatlarda ilkinji arassaçylyk serişdeleriniň Hindistanda ulanylandygy bellenilýär. Olar dürli ösümlikleriň gaýnadylan suwuny şampun hökmünde, «sabyn agajy » atly tropik agajyň miwesini sabyn hökmünde peýdalanypdyrlar. Mundan başga- da, otlaryň, gülleriň gaýnadylan suwuna saçlaryny ýuwupdyrlar. Bu serişdeler saçyň ýumşak we ýalpyldawuk bolmagyna kömek edipdir. Hindi söwdagärleriniň Ýewropa aralaşmagy bilen tebigy saç ýuwujy serişdeler köp ýurda ýaýrap başlaýar. Aziýada ilkinji şampun hökmünde başýuwlukdan (çekizäniň suwy), tüwi ýuwlan suwdan, sazagyň külünden peýdalanylandygy barada maglumatlar bar. Ýewropada şampun hökmünde gaýnadylan sabyn köpürjikleri ulanylypdyr. Ýer ýüzünde 1903-nji ýyla çenli saç ýuwmagyň birnäçe usullary peýdalanylýar. Geliň, indi soňky ýüz ýyla ünsi çekeliň! 1904-nji ýylda Berlinde nemes oýlap tapyjysy Hans Şwarzkopf lawanda gülüniň tozy bilen suwuk sabyny garmak arkaly şampunyň ilkinji nusgasyny oýlap tapýar. Şondan soň «saçy arassalamakda » ilkinji şampun ulanylyp başlanýar. Hans Şwarzkopfyň aýaly Marta Şwarzkopf 1927-nji ýylda «Schwarzkopf » ady bilen saç-barlag merkezini döredýär. Şol ýyl bu merkez düzüminde sabyn bolmadyk ilkinji suwuk şampun öndürýär. Ol Ýewropada «Schwarzkopf » ady bilen köp satyn alnan, uly gyzyklanma bildirilen meşhur brendleriň biri bolýar. 1930-njy ýyllarda «Procter & Gamble » (P&G) kompaniýasynyň hünärmenleri ilkinji sintetik şampuny hödürleýärler. Bu saç üçin iň gowy oýlap tapyşlaryň biri bolup, häzirki zaman suwuk şampunlaryň öndürilmeginiň esasyny döredýär. Bu şampun müşderileriň göwnünden turup, saç kökleri üçin peýdaly hasaplanýar. Ondan soň kompaniýanyň hünärmenleri suwuk şampunlary gaplamagyň täzeçe görnüşlerini oýlap tapýarlar. 1987-nji ýylda P&G kompaniýasy ilkinji «2-si 1-inde serginlediji şampuny » hödürleýärler. Şampun saçy arassalamak üçin ulanylýan suwuklyk görnüşindäki önümdir. Ol çygly saça sürtmek, köpürjikledip ýuwmak arkaly saçdaky sebumyň (ýagly madda bölüp çykarýan ekzokrin) islenmeýän mukdaryny aýyrmak üçin ulanylýar. Şampun natriý lauril sulfaty bilen suwda kokamidopropil betaini birleşdirmek arkaly ýasalýar. Sulfatyň düzümi sabyna meňzeş bolup, hapalaýjy maddalary özüne çekýär. Häzirki wagtda şampun senagatda iň köp öndürilýän harytlaryň biri bolup, onuň kepekli saçlar, ýagly saçlar, gaty saçlar hem-de çagalar üçin niýetlenen (gözi ýaşartmaýan) birnäçe görnüşi bar.