Dünýädäki iň owadan obalar

30 Sentýabr 2022
63

Ýer ýüzünde «esasy önüm öndürijileriň » mekany bolan obalaryň geografik ýerleşişi, tebigaty we binagärlik aýratynlyklary taýdan biri-birinden tapawutlanýan, fauna, flora dünýäsi bilen görenleri haýran edýän birnäçesi bar. 2021-nji ýyldaky maglumatlara görä, dünýä ilatynyň 3,42 milliardy obada ýaşaýar. Biz hem dünýäniň iň owadan obalary baradaky gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Iwoire (Fransiýa). Ženewa kölüniň fransuz kenarynda ýerleşýän Iwoire Fransiýanyň gülläp ösýän iň owadan obasydyr. Obadaky binagärlik gurluşlary orta asyra degişli bolup, ykjam we örän owadan gurlupdyr. Güller bilen bezelen dar köçeler, reňkli dükanlar, balyklaryň «tans edýän » kölleri Iwoireniň ajaýyp ýerleridir. Mundan başga- da, obada syýahatçylar üçin 5 myhmanhana bina edilipdir. Obanyň ilaty gülden edilen bezegleri hemde sowgatlyklary ýasamak bilen meşgullanýar. Ýeri gelende bellesek, Iwoire orta asyr durmuşynyň däplerini saklap galan Fransiýanyň iň gadymy obalarynyň biridir. Kua Wan (Wýetnam). Wýetnamyň Kua Wan obasy Ha Long aýlagynyň gaýalary bilen gurşalan suw üstündäki obadyr. Bu ýeriň meşhur «Awatar » filminiň surata düşürilmeginde hyýaly tebigat bolup hyzmat edendigi aýdylýar. Syýahatçylaryň we balykçylaryň iň gelim- gidimli ýerleriniň biri bolan bu obada kiçijik jaýlar, naharhanalar hem-de mekdep bar. Oba mekdebine çagalar gaýykly gatnaýarlar. Bu ýer, hakykatdan- da, gaýtalanmajak özboluşlylyga eýe. Wengen (Şweýsariýa). Alp daglarynyň eteginde ýerleşýän Wengen obasynda müňden gowrak adam ýaşaýar. Bu oba Şweýsariýanyň meşhur ýerleriniň biri bolup, islendik möwsümde syýahatçylara duş gelmek bolýar. Wengen suw şypahanasy, asma ýoly, lyža ýaryşlary, gurjak teatrlary hem-de «Mendelssohn » aýdym- saz hepdeligi bilen meşhurdyr. Arassa dag howasynyň hapalanmazlygy üçin bu ýerde ulag sürmek gadagan. Bilberi (Angliýa). Glýuester şäheriniň Bilberi obasy dünýäniň iň owadan obalarynyň biri bolup, XVII asyrda bina edilen jaýlary, «Bilberi bahary », goňur alabasy (balygyň bir görnüşi) bilen görenleri haýran galdyrýar. Obanyň töwereginde jülgeler bilen utgaşyp gidýän depeler hem bar. Köln derýasynyň akyp geçýän bu obasy Angliýa gelýän syýahatçylar üçin iň gowy ýerleriň biri hasaplanýar. Derýanyň üstünde birnäçe daşwe agaç köprüler bolup, balyklary, ördekleri hem-de derýa ýakasyndaky agaçlary synlamaga mümkinçilik berýär. Şirakawa- go (Ýaponiýa). Ýaponiýanyň Sokawa derýasynyň kenarynda ýerleşýän Şirakawa- go obasynyň daş-töweregini tokaýlaryň gurşap alandygy hem-de üstüni bulutlaryň örtüp durandygy sebäpli, ozallar bu oba kartada görkezilmeýärdi. ÝUNESKO- nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen bu obanyň meşhurlygy artyp başlaýar. Soňky ýyllarda obada abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar, ýollar çekilýär. Häzirki wagtda jahankeşdeler Şirakawa- go obasyna awtobusly gezelenç edýärler. Obanyň esasy aýratynlygy – ot bilen örtülen ýapgyt üçekli jaýlardyr. Mundan başga- da, Syo derýasynyň üstünden geçýän asma köpri syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biridir. Githorn (Niderlandlar). Githorn obasyna başgaça «Gollandiýanyň Wenesiýasy » hem diýilýär. Sebäbi obada diňe suw ulagy hereket edýär. 7,5 kilometr uzynlykdaky kanalda gije- gündiziň dowamynda oba ýaşaýjylarynyň gaýykly gatnawlarynyň yzy üzülmeýär. Githorn obasy 1230-njy ýylda esaslandyrylýar. 1958-nji ýylda niderland režissýory Bert Haanstra tarapyndan «Fanfare » atly meşhur komediýanyň düşürilmegi bilen Githorn obasy meşhur bolýar. Häzirki wagtda bu ýere gelýän syýahatçylaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Oia (Gresiýa). Santorini wulkan adasyndaky bu oba dünýäniň iň romantik ýerleriniň biridir. Depä çykylýan egrem- bugram ýollary bolan Oia gök gümmezli ak jaýlary bilen tebigata gelşik berýär. Ýokardan deňzi we adanyň gözelliklerini synlap bolýar. Bu ýer aşyklaryň iň köp syýahat edýän ýerleriniň biridir.