Hem aňsat, hem peýdaly

30 Sentýabr 2022
67

Pyýada ýöremegiň fiziki we psihologik peýdasy örän uludyr. Ýöremek iň esasy bedenterbiýe maşklarynyň biri bolup, ony islendik ýaşdaky adam ýerine ýetirip bilýär. Ýörelen wagtynda adamyň çydamlylygy we myşsalarynyň ösüşi ýokarlanýar. Bilermenleriň bellemegine görä, oturylyp işlenýän gündelik durmuş ýörelgesine uýgunlaşan adamlarda myşsalaryň gowşaklygy, sussupeslik hem-de aşa semremeklik ýüze çykýar. Şol sebäpli her gün agşamyna azyndan 30 minut ýöremek maslahat berilýär. Yzygiderli ýörelende gan aýlanyşy kadalaşýar, bedeniň deňagramlylygy sazlanýar hem-de kadaly agram derejesine gelinýär. Mundan başga- da, ýöremegiň çalt pikirlenip bir netijä gelmäge, sussupesligi azaltmaga uly ähmiýeti bardyr. Şeýle hem ýöremegiň iýmiti siňdirmäge kömegi degýär. Sport meýdançalary bilen bir hatarda, howa şertlerine laýyklykda gezelenç maksatly seýilgählerde, tokaýlarda we şäheriň owadan künjeklerinde pyýada ýöremek örän peýdalydyr.