Bag­ty­ýar il toý tut­dy

30 Sentýabr 2022
104

27-nji sent­ýabr­da äh­li türk­me­nis­tan­ly­lar bir sup­ra jem bo­lup, umu­my­mil­li ru­hu­be­lent­lik we şat­lyk ýag­da­ýyn­da Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 31 ýyl­ly­gy­ny bel­le­di.

Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň çuň ma­ny­ly goş­gy se­tir­le­rin­de was­py ýe­ti­ri­len türk­men hal­ky­nyň ga­raş­syz döw­let ba­ra­da­ky kö­pa­syr­lyk ar­zu­wy 1991-nji ýy­lyň güý­zün­de ha­syl bol­dy. Wa­ta­ny­my­zyň iň tä­ze ta­ry­hy hut şu yk­bal çö­zü­ji pur­sat­dan göz­baş al­ýar. Bu gün Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň dur­nuk­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ber­ka­rar bol­ma­gy, da­şa­ry ýurt­lar, iri hal­ka­ra we ab­raý­ly se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy dö­re­den­di­gi­ni ynam­ly aýt­mak bo­lar. Hal­ka­ra bi­le­le­şik ta­ra­pyn­dan bil­di­ri­len uly ynam we hor­mat-sar­pa ýur­du­my­zyň oňyn baş­lan­gyç­la­ry­nyň giň­den gol­da­nyl­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Şol baş­lan­gyç­lar hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge, pa­ra­hat­çy­ly­gy, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge, ulag ul­ga­myn­da, eko­lo­gi­ýa­da, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ta­ryh üçin gys­ga döw­rüň için­de Türk­me­nis­tan­da döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik gur­lu­şy ul­ga­my ep-es­li kä­mil­leş­di­ril­di, iri möç­ber­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de şä­her­le­ri­mi­ziň we oba­la­ry­my­zyň keş­bi ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di, ag­zy­bir türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar dur­muş­da pa­ra­hat we asu­da ýa­şa­ma­gy, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­niň hö­zi­ri­ni gör­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ra la­ýyk­lyk­da, soň­ky ýyl­lar­da dür­li mak­sat­ly, il­kin­ji no­bat­da, dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň köp san­ly­sy gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di.
Ýur­du­myz­da döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 31 ýyl­ly­gy, däp bol­şy ýa­ly, aja­ýyp üs­tün­lik­ler we zäh­met ýe­ňiş­le­ri bi­len bel­len­di. Şol üs­tün­lik­ler­dir ýe­ňiş­le­riň her bi­ri hä­zir­ki Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ýyl ýaz­gy­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy şu ýy­lyň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Saý­law­lar giň bäs­deş­lik, açyk­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da geç­di. Yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­me­gi türk­me­nis­tan­ly­la­ryň erk-is­le­gi­ni er­kin be­ýan et­me­gi­niň ke­pi­li bol­dy. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­re, ra­ýat­la­ry­my­zyň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­di.
«Me­niň baş mak­sa­dym Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň we Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň esas­la­ry­ny has-da ber­ki­dip, ýur­du­my­zy be­ýik gel­je­gi­mi­ze ta­rap ynam­ly öňe alyp bar­mak­dan yba­rat­dyr» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz go­laý­da ge­çi­ri­len Döw­let Mas­la­ha­tyn­da eden çy­ky­şyn­da aýt­dy we döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň gel­jek­ki esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da di­ňe mö­hüm se­ne bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ge­çen ýo­lu­my­za ba­ha ber­mek, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň äh­mi­ýe­ti­ne dü­şün­mek we öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri kes­git­le­mek üçin hem aja­ýyp müm­kin­çi­lik­dir.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň alyp ba­ran çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan döw­let sy­ýa­sa­ty ýur­du­my­zyň ynam­ly we dep­gin­li ösü­şi­ni, ma­li­ýe-dur­muş taý­dan dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­di. Ösü­şiň se­na­gat-in­no­wa­si­on ýo­lu­ny do­wam et­dir­mä­ge, te­bi­gy, mi­ne­ral-çig mal we adam müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi peý­da­lan­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­di.
Ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­nyň hor­ma­ty­na eziz Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­de kö­pö­wüş­gin­li aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ryň gu­ra­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Şo­lar­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň dö­re­di­ji­lik güý­ji öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.