Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

28 Sentýabr 2022
726

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu nurana baýram biziň her birimiziň kalbymyzda Diýarymyzyň şöhratly geçmişine hem-de häzirki bagtyýar zamanasyna buýsanjy, röwşen geljegine ynamy artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Bu şygar Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesine doly laýyk gelýär we Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Beýleki habarlar