Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

27 Sentýabr 2022
61

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlap, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Aleksandr Beglow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, Newanyň boýundaky şäheriň rus-türkmen gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.