Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi.
Dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. A.Teksler Türkmenistana gelip görýändigine örän şatdygyny aýtdy. Ýurdumyzy Çelýabinsk oblasty bilen öňden gelýän dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar ykdysady taslamalar babatda hem-de ynsanperwer ulgamda okgunly ösdürilýär.