Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

27 Sentýabr 2022
72

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty hem-de giň gerimli başlangyçlary netijesinde Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýeten sepgitlerini pugtalandyrýandygy, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylyp, bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilýändigi nygtalýar. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gutladylar.

(TDH)