Garaşsyzlyk — barlygymyz, bagtymyz

27 Sentýabr 2022
140

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik üstünlikleriň eýýamy hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar

Şu gün Türkmenistanyň milli baýramy — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk güni! Garaşsyzlyk biziň döwletliligimizdir, berkararlygymyzdyr we bagtyýarlygymyzdyr. Garaşsyzlyk agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Watan gözümiziň görejidir, başymyzyň täjidir, Garaşsyzlyk bolsa guwanjymyzdyr!

«Türkmenistan»