Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: ösüşiň giň gözýetimleri

27 Sentýabr 2022
92

Türkmenistanda Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göterimi durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň köpeldilmegine, şeýle hem bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýär.

2011 — 2021-nji ýyllarda ykdysadyýetimize gönükdirilen umumy karzlaryň möçberi 17,2 milliard manatdan 106 milliard manada çenli ýokarlandy. Bu karz serişdeleriniň hasabyna Aşgabat şäherinde we sebitlerimizde ýokary tehnologiýaly täze önümçilikler döredildi. Häzirki zaman durmuş, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik infrastrukturalary emele getirildi.