Şanyň bardyr

27 Sentýabr 2022
102

At agyzly, är gaýratly,
Dowam-dowam kowmuň bardyr!
Arşa göterlen şöhratly,
Oguzda baş bognuň bardyr!

Şadessandyr ýagşy söhbet,
Joşan ýürek bilmez serhet,
Müňýyllyk güllerden sowgat,
Göwün atly şygryň bardyr!

Baýram JÜTDIÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.